“Demirýollary” AGPJ duýdudyş ulgamy üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti demirýol meýdançasdaky duýdudyş ulgamy üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №DÝ/AGPJ-050 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär
Lot No.1 – duýduryş (signalizasiýa)-merkezleşdirilen blokirleme ulgamyny, şeýle hem telemehanikany ýola goýmak üçin enjamlar
Lot No.2 – Ebilock 950 R4N merkezi prosessory
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, dalaşgäriň hasaba alyş we tertipnama resminamalaryny, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
- lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
- bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly;
- lot üçin 200 amerikan dollary möçberde (şol sanda 26,086 amerikan dollary - GBS) tölegi tölemeli.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.
Bellik: ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik teklipler kabul edilmeýär;
Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salgyda ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 308-nji otagda (3-nji gat) kabul edilýär.
Bäsleşik teklipleri şu bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 12 38-36-00
+993 12 38-32-31
Faks:
+993 12 38-40-27