22.10.2025
24.10.2025

OGT 2025

2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde "Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025" atly halkara maslahat we sergi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy binasynda guralar.

Maslahat we sergi nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, öňdebaryjy tehnologiýalary we taslamalary hödürlemek üçin möhüm halkara meýdança bolup hyzmat eder. Oňa ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de işewür düzümleriniň wekilleri gatnaşar.

Sergide geologiýa, geofizika, seýsmiki barlaglar, nebitgaz çykaryş, gaýtadan işlemek, desga gurluşygy, awtomatlaşdyrma hem-de enjamlar boýunça öňdebaryjy çözgütler we taslamalar görkeziler.

Sene: 22–24 oktýabr 2025 (09:00–18:00)

Ýeri: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Aşgabat şäheri, Çandybil şaýoly, 143

Guramaçylyk topary: +993 12 39 88 81, 39 88 82

Email: sergi4@cci.gov.tm

Resmi hyzmatdaş: Net Fuar Organizasyon Ltd.Sti / Net Gurama

Tel. +90 212 272 61 20

Email: net@netorganization.net

Aşgabat şäheri, Çandybil şaýoly, 143
Bulary hem okaň
2022