12.11.2025
14.11.2025

ITTC 2025

Aşgabat şäherinde “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025” (ITTC 2025) atly halkara maslahat geçiriler.

Geçiriljek ýeri: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy

Geçiriljek senesi: 2025-nji ýylyň 12–14-nji noýabry

Maslahat “Türkmentel — 2025” halkara sergisi bilen bir wagtda geçiriler we ulag-logistika pudagynda tejribe alyşmak, möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin möhüm meýdança bolar.

Çäräniň çäklerinde döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň, maliýe düzümleriniň hem-de hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda panel maslahatlary guralar.

Maslahaty Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýa toplumy “Dialogue Events Ltd” (Beýik Britaniýa) we “Turkmen Congress” (Türkmenistan) kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda guraýar.

Giňişleýin maglumat we hasaba alynmak üçin: www.ittcturkmenistan.com

Aşgabat şäheri, Çandybil şaýoly, 143
Bulary hem okaň
2022