04.12.2025
16.01.2026
“Senagat” PTB-y daşarky auditor barlagyny geçirmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
TDHÇMB
17.03.2026
19.03.2026
TransRussia 2026
2026-njy ýylyň 17–19-njy mart aralygynda Moskwadaky “Krokus Ekspo” sergi merkezinde 30-njy Halkara transport-logistika hyzmatlary, ammar enjamlary we tehnologiýalar sergisi — TransRussia 2026 geçiriler.
Bu sergi Russiýa we GDA ýurtlarynda logistika uguryndaky iri çäreleriň biri bolup, oňa 22 ýurtdan 600-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergi üpjünçilik zynjyrynyň ähli basgançaklaryny öz içine alýar: ýük daşamak, gümrük proseduralaryny amala aşyrmak, ammarlarda saklamak we gaplamak, şeýle hem IT çözgütlerini ulanmak.
Serginiň esasy aýratynlyklary:
- Gatnaşyjylaryň köpugurlylygy : Demirýol, awtomobil, deňiz, howa we multimodal daşamalary boýunça tejribeli logistik kompaniýalaryň wekilleri, ekspeditorlar, gümrük brokerleri, IT üpjün edijiler, ätiýaçlandyryş kompaniýalary we e-commerce operatorlary.
- Işewür maksatnamasy: 20-den gowrak çäre, şol sanda halkara konferensiýalar, pudak forumlary we intralogistika, multimodal logistika, sanlylaşdyrma we üpjünçilik zynjyrlarynyň optimizasiýasy boýunça sessiýalar.
- Serginiň ýörite ekspozisiýasy — SkladTech: Dördünji ýyl yzly-yzyna ammarlary enjamlaşdyrmak, awtomatlaşdyrmak we intralogistika ugurlarynda iň täze çözgütleri görkezýär.
Geçiriljek senesi: 17–19 mart 2026
Geçirilýän ýeri: “Krokus Ekspo”, Moskwa, Russiýa
Web sahypasy: https://transrussia.ru/
Moskwa, Russiýa
Bulary hem okaň


30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


