15.09.2026
18.09.2026

WorldFood Moscow 2026

2026-njy ýylyň 15–18-nji sentýabr aralygynda Russiýanyň paýtagty Moskwada, “Krokus Ekspo” sergiler merkezinde (3-nji pawilýon, 14–15-nji zallar) “WorldFood Moscow 2026” atly 35-nji halkara azyk harytlarynyň sergisi geçiriler.

Bu çärede dört günläp sergi bilen bir hatarda — häzirki zaman bazaryň tendensiýalaryna bagyşlanan işewürlik maksatnamasy hem guralar. Oňa forumlar, amaly we analitiki sessiýalar, plenar duşuşyklar hem-de konferensiýalar girýär.

“WorldFood Moscow” sergisine gatnaşyjy kompaniýalar öz önümlerini ähli azyk ugurlaryny öz içine alýan 16 bölüm boýunça sergilärler:

  • Alkogolly içgiler
  • Alkogolsyz içgiler
  • Bakaleýa harytlary
  • Doňdurylan önümler, ýarym taýýarlar we taýýar iýmitler
  • Konditer we çörek önümleri
  • Konserwirlenen önümler
  • Az ýagly önümler we souslar
  • Süýt önümleri we peýnirler
  • Et, guş we ýumurtga
  • Organiki önümler we sagdyn iýmit
  • Balyk we deňiz önümleri
  • Miweler we gök önümler
  • Halal önümler
  • Çaý we kofe
  • Tagam beriji Iýmit goşundylar
  • Non-food (azyk däl harytlar)

Serginiň resmi web sahypasy: world-food.ru

Moskwa, Russiýa
Bulary hem okaň
2022