10.02.2026
12.02.2026

UzBuild 2026

2026-njy ýylyň 10–12 fewral aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherindäki “Uzexpocenter” sergiler merkezinde “UzBuild 2026” 27-nji halkara sergisi geçiriler. UzBuild — Özbegistanyň iň iri gurluşyk sergisi bolup, her ýyl gurluşyk pudagynyň täze mümkinçiliklerini tanyşdyrýar.

UzBuild — hyzmatdaşlygy ýola goýmak, täze hyzmatdaşlary tapmak hem-de gurluşyk ulgamyndaky iň täze tehnologiýalar, enjamlar we çözgütler bilen tanyşmak üçin möhüm işewür meýdança bolar.

Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda gurluşyk serişdelerini we tehnikasyny öndürijiler, gurluşyk taslamalary bilen meşgullanýan kompaniýalar, distribýutorlar, arhitektorlar, dizaýnerler, maýadarlar hem-de döwlet kärhanalaryň we edaralaryň wekilleri bar.

Web sahypa: www.uzbuild.uz

Serginiň esasy bölümleri:

  • Gurluşyk materiallary
  • Gurluşyk tehnologiýasy we enjamlar
  • Lift enjamlary
  • Penjireler, gapylar we fasadlar
  • Keramika we bezeg materiallary
  • Gurallar
  • Yşyk we elektrik enjamlar
  • Landşaft we bagbançylyk
  • Emläk
  • Ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar
  • Içerki dizaýn we interýer
  • Halkara hyzmatdaşlyk we söwda
Taşkent, Özbegistan
Bulary hem okaň
2022