Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi halkara bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp taýýarlamak boýunça №TDYUM-001 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, guramaçylyk-hukuk görnüşini, hukuk salgysyny we bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, ýazmaça arza tabşyrmaly;
- dalaşgäriň hasaba alyş we esaslandyryş resminamalarynyň göçürmesi;
- dalaşgäriň ygtyýarly wekili üçin ynanç haty hem-de onuň pasportynyň nusgasy
- tehniki tabşyrygy we bäsleşik resminamalarynyň doly toplumyny almaly
Tender resminamalary üçin tender töleginiň hem-de pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bäsleşik teklipli bukjalar Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.
Bellik:
- ofşor zolaklarynda bellige alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär;
- Bu ugurda meňzeş taslamalary durmuşa geçirmekde tejribesi bolan ýöriteleşdirilen kompaniýalar bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar.
Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salgyda ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edarasynda 910-njy otagda (9-njy gat) kabul edilýär.
Bäsleşik teklipleri şu bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 12 39-06-27
+993 12 39-06-28
Elektron salgysy:
int@railway.gov.tm











