20.01.2026
02.03.2026
“Türkmengaz” DK maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça tender yglan edýär
TDHÇMB
20.01.2026
20.03.2026
"Türkmenhimiýa" DK tebigy gazdan benzin öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň taslamasyny taýýarlamak we ony dolulygyna gurmak boýunça “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň 01.12.2025 senesindaki №313 (31349) belgili sanynda çap edilen halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
- bäsleşige gatnaşmak üçin GBüS-i hasaba almak bilen 1725 (bir müň ýedi ýüz ýigrimi bäş) amerikan dollary möçberde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny Türkmenistanyň Merkezi bankynyň walýuta kursy boýunça manat görnüşinde (Türkmenistandaky gatnaşyjylar üçin) töleg töläp, tender resminamalaryny almaly.
Bäsleşik teklipli bukjalar hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar.
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap, 60 (altmyş) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
(+99312) 39-01-62
(+99312) 39-01-58
Faks:
(+99312) 39-01-72
Elektron salgysy:
contact@turkmenhimiya.gov.tm
12dep@turkmenhimiya.gov.tm
Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň











