“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy içki ýangyç hereketlendirijileri düýpli abatlamak boýunça bäsleşik yglan edýär
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy КамАЗ Евро -5”, “Moteurs Baudouin 6M21G385/5e2” we “4M06G44/5e2(E)” kysymly ýöriteleşdirilen tehnikanyň içki ýangyç hereketlendirijilerini hem-de dizel elektik stansiýalaryny düýpli abatlamak boýunça Türkmenistanyň manadynda №2026/05 belgili bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
- tenderiň tehniki talaplary (spesifikasiýa) arzada görkezilen elektron salga iberiler
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da www.oilgas.gov.tm web saýtynda çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.
Bäsleşik teklibi azyndan 8 nyşandan ybarat parol bilen goralan RAR formatly arhiwde ýerleşdirilen PDF faýllar görnüşinde taýýarlanyp, görkezilen elektron salgy arkaly iberilmelidir.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Ýazmaça arzalary ibermek üçin elektron salgysy:
KhalilulinBS@tatneft.tatar
Tender boýunça goşmaça maglumat almak üçin:
+993-65-83-18-99
Tehniki soraglar boýunça:
+993-62-74-18-80











