14.03.2026
20.03.2026

Daşoguz welaýat häkimligi saglyk merkezini gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Köneürgenç etrabynyň Derýalyk geňeşliginiň Derýalyk obasynda saglyk merkezini gurmak üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini we Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnanlygy baradaky maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • hödürlenýän baha teklipleri we degişli resminamalar.

Bäsleşik teklipleri 2026-njy ýylyň 20-nji martyna, sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Telefon belgisi:

(+993 322) 9-03-02

Faks belgisi:

(+993 322) 9-03-14

Daşoguz şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolynyň 10/1-nji jaýy
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022