Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
TDHÇMB
04.04.2026
10.04.2026
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy ýylylyk çalşyjyny satyn almak we gurnamak boýunça bäsleşik yglan edýär
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynda ýerleşýän Gazy gaýtadan işleýiş zawodynyň (ГПЗ-2) çyg arassalanan gazy üçin niýetlenen “E-1301” kysymly turba görnüşli ýylylyk çalşyjyny satyn almak we gurnamak boýunça №CIT-26036-SR belgili bäsleşik yglan edýär
Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:
- Tenderiň belgisi we ady, gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy we bank rekwezitlerini görkezmek bilen Tendere gatnaşmak üçin resmi arza;
- Tender resminamalaryny (ITB) almak üçin töleg geçirmek üçin hasap belgisini almaly. Töleg geçirikmek hasap belgisi, ýazmaça arza tabşyrylan mahaly gowşurylar;
- Tender reminamalaryň doly bukjasyny (ITB) almak üçin kompaniýanyň wekiliniň pasport nusgasyny, tender resminamalaryny almaga hukugy berýän esasy ynanç hatynyň nusgasyny we töleg geçirilendigini tassyklaýan resminamany görkezilmelidir.
Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.
Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan
Telefon belgisi: +993 12 44-54-34
Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň










