Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýada Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýada Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 10-njy noýabry (Surat: Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitine gatnaşmak üçin Antalýa saparynyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Aragatnaşyk müdirligi habar berýär.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem sebit we ählumumy ösüşleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan energetika, söwda, goranyş senagaty we maýa goýumlary ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtap, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we ikitaraplaýyn gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmak boýunça tagallalaryň dowam etdiriljekdigini belledi. 

Şeýle hem Rejep Taýyp Ärdogan Türki Döwletleriň Guramasynyň barha pugtalandyrylýandygyny we Ankarada geçirilen sammitde guramanyň strategik ähmiýetiniň ýene-de bir gezek tassyklanandygyny aýdyp, Türkmenistanyň hem guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde goşulmagyna umyt bildirýändiklerini belledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС