17.10.2026
21.10.2026

SIAL Paris 2026

SIAL Paris 2026 — dünýäde azyk senagaty boýunça iň iri we täsirli sergileriň biri. Bu ýerde dünýäniň dürli künjeklerinden öndürijiler, importçylarydyr eksportçylar, söwda wekilleri we HoReCa pudagynyň hünärmenleri bir ýere jemlenýär. Sergi täze önümleri, häzirki trendleri we innowasiýalary ýakyndan görmek üçin ajaýyp mümkinçilik berýär.

Senesi: 2026-njy ýylyň 17–21-nji oktýabry
Geçiriljek ýeri: Paris Nord Villepinte Exhibition Centre, Paris

Serginiň bölümleri:

  • dünýäniň dürli ýurtlaryndan azyk önümleri we içgiler
  • ingredientler we çig mal
  • innowasion iýmit önümleri
  • gaplama we täze tehnologiýalar
  • riteýl we HoReCa pudagy üçin çözgütler

Näme üçin bu sergi möhüm:
Bu sergi hakykatdan hem dünýä derejesinde geçirilýär:

  • 8 000-den gowrak gatnaşyjy
  • müňlerçe hünärmen
  • 100-den gowrak ýurduň wekilleri gatnaşýar

Şonuň üçin bu çäre täze hyzmatdaşlary tapmak, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek we halkara şertnamalary baglaşmak üçin gowy mümkinçilikdir.

Sergide ýene-de näme gyzykly:

  • Serginiň esasy aýratynlygy — innowasiýalara uly üns berilmegi:
  • SIAL innowasion zolagy — täze önümler bilen tanyşlyk
  • Startaplar we food-tech çözgütleri
  • Dadyp görmek(degustasiýa) çäreleri we trend zolaklary

Giňişleýin maglumat we hasaba alyş: https://www.sialparis.com/en

Pariž, Fransiýa
Bulary hem okaň
2022