Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy “GS1 Türkmenistan” web-saýtyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy “GS1 Türkmenistan” guramanyň web-saýtyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bäsleşik yglan edýär
Bäsleşigiň maksady: halkara GS1 standartlaryna laýyklykda web-saýty toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, şol sanda:
- 2D-çyzykly şertli belgileri (DataMatrix, QR-kodlar) ornaşdyrmak we goldamak;
- “Harydyň sanly pasporty” ulgamyny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak;
- amallary ýeňilleşdirmek üçin emeli aň (AI) gurallaryny girizmek;
- bar bolan prosesleri döwrebaplaşdyrmak.
Hyzmatlaryň ýerine ýetiriljek ýeri: Aşgabat şäheri.
Gatnaşmak şertleri: tehniki ýumşy almak we arza tabşyrmak üçin gyzyklanma bildirýän kompaniýalar guramanyň ofisine ýüz tutmaly ýa-da elektron poçta arkaly ýüztutmalaryny ibermeli.
Arzalaryň kabul ediliş möhleti: 2026-njy ýylyň 31-nji maýyna çenli.
Tabşyrmagyň usuly: arzalar kagyz görnüşinde (guramanyň ofisine) ýa-da elektron görnüşinde aşakda görkezilen salgy boýunça kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 (12) 46-80-25
+993 (12) 46-80-26
E-poçta:
info@gs1-tm.org










