24.06.2026
26.06.2026

Transport logistic China 2026

Transport Logistic China 2026 — Şanhaýdaky ulag we logistika halkara sergisi

2026-njy ýylyň 24-26-njy iýuny aralygynda Hytaýyň Şanhaý şäherindäki "SNIEC" halkara sergi merkezinde ulag, logistika, we üpjünçilik zynjyrlaryny dolandyrmak boýunça "Transport Logistic China 2026" halkara sergisi geçiriler.

Sergä logistika kompaniýalary, ýük daşaýjy operatorlar, ammar çözgütleri boýunça hünärmenler, demir ýol, awtomobil, deňiz we howa ulaglarynyň wekilleri, şeýle hem ulag pudagy üçin sanly tehnologiýalary işläp düzüjiler gatnaşar.

Serginiň bölümleri:

  • Ulag we logistika hyzmatlary
  • Howa ýük daşamalary
  • Demir ýol we konteýner logistikasy
  • Ammar we paýlaýyş çözgütleri
  • Sanly üpjünçilik dolandyryş ulgamlary
  • Awtomatlaşdyrma we intellektual logistika tehnologiýalary
  • Elektron söwda we halkara daşamalar üçin çözgütler

Sergi bilen bir wagtda howa ýük daşamalary, taslamalaýyn logistika we we çalt zaýalanýan harytlaryň daşamalary boýunça "Air Cargo China", "Project Cargo Shanghai" we "Fresh Logistics Asia" ýöriteleşdirilen sergiler hem geçiriler.

Serginiň çäklerinde geçiriljek halkara maslahatda logistikanyň sanly özgertmeleri, halkara daşamalar, awtomatlaşdyrma we ulag düzüminiň ösdürilmegi meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Hasaba durmak we giňişleýin maglumat üçin resmi saýta geçiň: www.transportlogistic-china.com

Şanhaý, Hytaý
Bulary hem okaň
2022