Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
TDHÇMB
09.07.2026
14.07.2026
Gyzylarbat etrap häkimligi ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär
Gyzylarbat etrap häkimligi Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäheriniň Demirgazyk-Gündogar kiçi etrabynyň 8-nji we 9-njy ýaşaýyş jaý toplumlarynda raýatlar üçin bank karzlarynyň hasabyna 1 gatly, 4 otagly we 1 gatly, 5 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna potratçy seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin eýeçiligiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlere bildirilýän talaplar:
- Gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza.
- Edara-kärhana tarapyndan soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada maglumat.
- Edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat.
- Hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.
Bäsleşik teklipleri 2026-njy ýylyň 14-nji iýulyna çenli her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.
Telefon belgisi:
(+993246) 5-03-06
(+993246) 5-43-03
Faks:
(+993246) 5-10-24
Balkan welaýaty, Gyzylarbat
Bulary hem okaň










