Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi saglyk öýlerini gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň hersinde 10 sany, jemi 50 sany saglyk öýüni gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär
Lot No.1 — Ahal welaýatynda 10 sany saglyk öýi;
Lot No.2 — Balkan welaýatynda 10 sany saglyk öýi;
Lot No.3 — Daşoguz welaýatynda 10 sany saglyk öýi;
Lot No.4 — Lebap welaýatynda 10 sany saglyk öýi;
Lot No.5 — Mary welaýatynda 10 sany saglyk öýi.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Haýyşnamalar we teklipler şu ýylyň 19-njy awgustyna çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 12 44-46-77
+993 12 44-46-64










