“Zafer Bayramı”: Türkiýäniň ilçisiniň Aşgabatdaky rezidensiýasynda baýramçylyk çäresi geçirildi

“Zafer Bayramı”: Türkiýäniň ilçisiniň Aşgabatdaky rezidensiýasynda baýramçylyk çäresi geçirildi
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oralyň “Zafer Bayramı” – Ýeňiş güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen çärede eden çykyşy, 2023-nji ýylyň 30-njy awgusty

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkiýäniň ilçisiniň rezidensiýasynda çarşenbe güni “Zafer Bayramı” – Ýeňiş güni mynasybetli resmi baýramçylyk çäresi geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasary Begmyrat Soltanow, halkara guramalarynyň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we habar beriş serişdeleri gatnaşdylar.

Türkiýäniň Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen çärede Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral türk halkynyň Beýik Ýeňişiniň 101 ýyllygyna bagyşlanan çärä gatnaşanlara öz minnetdarlygyny bildirdi. Soňra ilçi Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň baýramçylyk bilen bagly iberen gutlag hatyny okady.

Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasary Begmyrat Soltanow hem öz çykyşynda ýygnananlaryň hemmesini Türkiýäniň Ýeňiş güni we ýurduň Ýaragly güýçleriniň döredilmeginiň 101 ýyllygy bilen gutlady.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkiýäniň ilçisiniň rezidensiýasynda geçirilen baýramçylyk çäresiniň ahyrynda myhmanlara türk aşhanasynyň tagamlary hödürlenildi.

Türkiýe her ýylyň 30-njy awgustynda 1922-nji ýylda Dumlupynaryň ýanynda bolup geçen söweşde türk goşunlarynyň ýeňşini hatyralamak üçin milli baýram – Ýeňiş gününi (Zafer Bayramı) belleýär. Ýeňiş güni mynasybetli tutuş ýurtda dabaraly çäreler, konsertler we Türkiýäniň harby ýeňişiniň hatyrasyna “Mehter” ýörişi geçirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022