Türkmenistan we Owganystan TOPH taslamasy üçin ýerleri satyn almagy maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we Owganystan TOPH taslamasy üçin ýerleri satyn almagy maslahatlaşdylar
TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy

Owganystanyň Oba hojalyk, suwaryş we maldarçylyk ministri Mawlawi Ataullah Omari “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanow hem-de Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistan–Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň ugrunyň Owganystanyň çäginden geçýän böleginde ýer böleklerini satyn almak işiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Muhammetmyrat Amanow taslamanyň durmuşa geçirilişiniň häzirki ýagdaýy barada maglumat berip, owgan tarapyny ýer bölüp bermek boýunça degişli amallary tizleşdirmäge çagyrdy. Bu barada Owganystanyň Oba hojalyk, suwaryş we maldarçylyk ministrligi ýekşenbe güni habar berdi.

Mawlawi Ataullah Omari ýer bölekleriniň kärendä berilmegi üçin tölegiň ýurduň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenjekdigini aýtdy. Häzirki wagtda hususy, şahsy we döwlet eýeçiligindäki ýerler üçin nyrhlary kesgitlemek maksady bilen olaryň bahasy boýunça baha beriş işleri alnyp barylýar.

Gaz geçirijiniň ugrunyň ep-esli bölegi Owganystanyň çäginden geçýär. Ýurduň Oba hojalyk, suwaryş we maldarçylyk ministrligi gaz geçirijisini gurmak üçin ýer böleklerini bahalandyrmak, barlamak we satyn almak işlerinde utgaşdyryjy tehniki wezipesini ýerine ýetirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022