Serdar Berdimuhamedow Bilelikdäki türkmen-türk maýa goýum gaznasyny döretmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bilelikdäki türkmen-türk maýa goýum gaznasyny döretmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýäniň Palatalar we birjalar bileleşiginiň Baş edara binasynda geçirilen Türkmen-Türk işewürlik forumynda eden çykyşy, 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabry, Ankara, Türkiýe (Surat: TOBB)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Ankara şäherinde ýerleşýän Türkiýäniň Palatalar we birjalar bileleşiginiň (TOBB) Baş edara binasynda geçirilen Türkmenistan-Türkiýe işewürlik forumynda eden çykyşynda, Bilelikdäki türkmen-türk maýa goýum forumyny döretmegi teklip etdi. Bu barada "Anadoly'' agentligi habar berdi. 

Türkmenistanyň döwlet Baştutany ykdysadyýet, maýa goýum, energetika, ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynyň wajyplygyny belläp, oba hojalygynyň, senagatyň hem-de senagat hyzmatdaşlygynyň, ylmyň, tehnologiýanyň milli halk hojalyklarynyň esasy pudaklary bolup durýandygyny aýtdy. 

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistab-Türkiýe işewürlik forumynyň dowamynda eden çykyşynda türkiýeli hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary ösdürmegiň anyk ugurlaryny belläp geçdi. 

Serdar Berdimuhamedow türk işewür toparlaryny "Aşgabat-Siti" maksatnamasyny durmuşa geçirmäge we Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynyň çäklerinde senagat toplumynyň gurluşygyna işjeň gatnaşmaga çagyrdy. 

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem maýa goýum boýunça Iş toparyny, ulag-logistika merkezini döretmek başlangyçlary bilen çykyş edip, Türkmenistanyň Türkiýä elektroenergiýa serişdelerini we tebigy gaz ibermäge taýýardygyny tassyklady. 

Türkmenstan-Türkiýe işewürlik forumynda Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz hem çykyş etdi. Ol öz çykyşynda şu ýylyň 9 aýynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň özara söwda dolanyşygynyň möçberiniň 2,1 milliard ABŞ dollaryna barabar bolandygyny, bu görkezijiniň ýylyň ahyryna çenli 3 milliard ABŞ dollara çenli artmagyna garaşylýandygyny belledi. Ol söwda dolanyşygynyň umumy möçberinde elektrik enjamlaryň 16 göterim, metal önümleriniň 10 göterim, umumy senagat harytlarynyň, maşyn we enjamlaýyn üpjünçiligiň 8 göterim, ýörite tehnikalaryň 5 göterim, ýygnaýjy düzümleriň hem 4 göterim tutýandygyny aýtdy. Wise-prezidentiň sözlerine görä, Türkmenistan türk şertnamalarynyň köplügi boýunça ikinji orunda durýar. Bellenişi ýaly, türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň dünýä bazarlaryna iberilmegi üçin hyzmatdaşlyk etmek zerurdyr. 

Jewdet Ýylmaz özüniň şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistana sapar bilen barjakdygyny mälim etdi. Şeýle hem Wise-prezident 6-8-nji dekabrda Türkmenistanda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisiniň guraljakdygyny, oňa gatnaşmaga işewür jemgyýetleriniň uly gyzyklanma bildirmeklerine garaşylýandygyny aýtdy. 

Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajir özüniň çykyşynda Türkiýäniň Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça guramasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda "Kiçi we orta telekeçi düzümleriň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Hereketleriň meýilnamasyna" gol çekiljekdigini mälim etdi. Mehmet Kajir bu ylalalşygyň çäklerinde täze işewürlik pikirlerini we taslamalaryny anyklaşdyrmak hem-de durmuşa geçirmek boýunça tagallalaryň ýerine ýetiriljekdigini belläp geçdi.

Suratlar: Türkiýäniň Palatalar we birjalar bileleşigi

2022