Şu ýylyň 14-nji maýynda Belgiýanyň Brýugge şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin täze bilim maksatnamasy işe girizildi.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu maksatnama Ýewropanyň öňdebaryjy bilim edaralarynyň gatnaşmagynda işlenilip taýýarlanylyp, ol Ýewropa Bileleşiginiň institutlarynyň işini öwrenmegiň çäklerinde oňa gatnaşyjylaryň iki hepdelik okuwyny göz öňünde tutýar.
Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow çykyş edip, ol sebitara gatnaşyklaryň pugtalandyrylýan häzirki şertlerinde degişli maksatnamanyň möhüm ähmiýetini belledi. Ilçi şeýle hem bu maksatnamany goldamagy dowam etdirmäge we ony mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etmäge Türkmenistanyň taýýardygyny mälim etdi.
Çärä gatnaşyjylar geljekki bilim maksatnamalaryň we we olaryň diplomatik gatnaşyklary ösdürmekde eýeleýän ornuna aýratyn üns çekdiler.
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin bilim maksatnamasy sebitleriň arasynda bilim we diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu başlangyjyň esasy maksady özara düşünişmäge hem-de ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk gurallaryny çuňlaşdyrmaga ýardam etmekden ybaratdyr.