Türkmen telekeçileri “Green Tech Amsterdam 2024” sergisine gatnaşýarlar

Türkmen telekeçileri “Green Tech Amsterdam 2024” sergisine gatnaşýarlar
“Green Tech Amsterdam 2024 ” halkara sergisi, 2024-nji ýylyň 10-14-nji iýuny, Amsterdam, Niderlandlar Patyşalygy

Türkmenistanyň hususy pudagyň wekillerinden, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryndan we Oba hojalygy ministrliginiň wekillerinden ybarat bolan türkmen wekiliýeti şu ýylyň 10-14-nji iýunynda Niderlandlar Patyşalygynda geçirilýän “Green Tech Amsterdam 2024 ” halkara sergisine gatnaşýar.

Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, türkmen wekiliýeti Gollandiýanyň işewür gatnaşyklar üçin jogapkär, şol sanda oba hojalygyna we dowamly tejribä ünsi jemleýän guramalary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Türkmen telekeçileri Gollandiýa saparyň çäklerinde tohum öndürmek, ýyladyşhana tehnologiýalary we suw tygşytlaýyş ulgamlarynda işleýän Gollandiýanyň kompaniýalaryna baryp gördüler. Bu saparlar Türkmenistanda ulanylyp bilinjek häzirki zaman oba hojalygy tehnologiýalary barada amaly tejribeleri we bilimleri almaga mümkinçilik döretdi.

“Green Tech Amsterdam 2024 ” halkara sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň guramagynda forum geçirildi. Forum daşary ýurt kompaniýalarynyň, türkmen işewürleriniň we halkara maliýe guramalarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Şeýle hem bu forum hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak we Türkmenistanyň oba hojalygyna maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly meýdança bolup hyzmat etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022