CZN Burak: ‘Aşgabatda myhmanlarymyza aňrybaş tagamlar we özboluşly şüweleňler garaşýar’

CZN Burak: ‘Aşgabatda myhmanlarymyza aňrybaş tagamlar we özboluşly şüweleňler garaşýar’
Türk aşpezi Burak Özdemir (Surat: bbcgoodfoodme.com)

Öňümizdäki günlerde paýtagt Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän “Arkaç” söwda we dynç alyş merkezinde “CZN Burak Gurme” restoranynyň Türkmenistandaky şahamçasy açylar. Açylyş dabarasyna ady belli bu konsept restoranyň düýbüni tutujy, “CZN Burak” ady bilen dünýäde meşhurlyk gazanan türk aşpezi Burak Özdemiriň özüniň hem gatnaşmagyna garaşylýar. 

Türkiýede, Birleşen Arap Emirliklerinde, Bahreýnde, Iordaniýada, Katarda, Müsürde, Täjigistanda, Özbegistanda we Britaniýada ýerleşýän “CZN Burak Gurme” restoranlar torunyň millionlarça muşdagy bolup, dünýä belli şahsyýetleriň bu restoranlara barmagy brendiň meşhurlyga eýedigini tassyklaýar.

Indi, “CZN Burak” türkmen tagamsöýüjileriň ýüreklerinde hem orun almaga taýýarlyk görýär. “Biznes Türkmenistan” neşirine beren interwýusynda Burak Özdemir öňde boljak açylyş dabarasy barada gürrüň berdi.

BT: Türkmenistanda restoran açmak pikiri nähili döredi? Sizi bu ädimi ätmäge nähili ýagdaýlar ruhlandyrdy? 

CZN Burak: Türkmenistan özboluşly medeniýeti we myhmansöýer adamlary bilen mende aýratyn orun eýeleýär. Bu ýurdy içgin öwrenmek we onuň baý, özboluşly aşhanasyndan ruhlanmak bilen men bu ýerde öz restoranymy açmak pikirine geldim. Şonuň üçin-de, Türkmenistan meniň öz işewürligimi ösdürmek islän ýurtlarymyň içinde möhüm orun eýeledi. Biz myhmanlara türk aşhanasynyň iň tagamly naharlaryny hödürlemäge hem-de olary türkmen aşhana däpleri bilen tanyşdyrmaga çalyşýarys. 

BT: Täze açjak restoranyňyzyň tagam menýusyna nähili däpleri ýa-da türkmen aşhanasynyň naharlaryny girizmegi meýilleşdirýäňiz? 

CZN Burak: Täze restoranymyzda biz ajaýyp tagamlary hödürläris! Onuň nahar menýusyna türk aşhanasynyň däpleri bilen bir hatarda, türkmen aşhanasynyň ajaýyp tagamlary giriziler. Onda goýun etinden we ter gök önümlerden taýýarlanylan türkmen palowy aýratyn orun eýelär. Biz diňe bir tagam babatda däl, eýsem, naharlaryň owadan bezelip berilmegi taýdan hem myhmanlarymyzda täsirleri galdyrmaga çalyşýarys. Biziň maksadymyz bu ýere gelýän her bir adamyň wagtyny ýatdan çykmajak derejede geçirmegini we aňrybaş tagamdan lezzet almagyny gazanmakdan ybaratdyr. 

BT: Siz tagam taýýarlaýyş usulyňyzy we meşhur bolan “uly tagamyňyzy” nähili suratlandyrýaňyz? Bu çemeleşmäň siz üçin nähili ähmiýeti bar?

CZN Burak: Tagamy uly edip bişirmek meniň üçin zähmeti we paýlaşmagyň möhümdigini alamatlandyrýar. Myhmanlarymyzyň öz ýakynlary bilen tagamlary bölüşmekleri üçin biz olary iri görnüşde hödürleýäris. Bu aşhanamyzyň ýürekdeşligini we dostanalygyny şöhlelendirýär. 

BT: Aşpez hökmünde zähmet ýoluňyzyň haçan başlandygyňyz barada aýdaýyň. Bu ýola düşmegiňizde ruhlandyryjy bir sebäp boldumy?

CZN Burak: Aşpezlik kärim baryp-ha çagalyk döwrümde, ejemiň ajaýyp tagamlary taýýarlaýşyny synlap, tomaşa edýän wagtymdan başlandy. Onuň maşgala saçagyny taýýarlamaga bolan söýgüsi we bu işe döredijilikli çemeleşişi meniň üçin baş ruhy çeşme boldy. Men maşgala bolup nahar bişirmegiň şatlygyny häzirki güne çenli unudyp bilemok. Aşhanada geçirilen her bir pursat meniň üçin uly ähmiýetlidir. 

BT: Meşhur aşpez bolmagy arzuw edýän ýaş aşpezlere nähili maslahatlary bererdiňiz? 

CZN Burak: Men ýaş aşpezlere yhlasly zähmet çekmegi we hiç wagt ejizlemezligi maslahat berýärin. Bu kär haýyrly iş etmäge we hemme wagt öwrenmäge taýýarlygy talap edýär. Arzuwlaryňyza eýeriň. Üstünlik sabyrlylygyň we tutanýerliligiň hasabyna hasyl bolýar. 

BT: Türkmenistandaky restoranyňyzda işlejek aşpez toparyňyz barada aýdyp bilersiňizmi? Olaryň tejribesi we hünäri nähili? 

CZN Burak: Biziň aşpezler toparymyz türk we türkmen aşhana medeniýetiniň wekillerinden ybarat ussatlardan düzüler. Bu tejribeli hünärmenler bilelikde iki halkyň aşhanasynyň hem iň gowy tagamlaryny taýýarlarlar. Olaryň her biri öz işiniň ussady bolup, olaryň başarnyklarynyň dürlüligi biziň naharlar menýumyzy baýlaşdyrar. 

BT: Aşgabatdaky restoranyňyzda myhmanlara nähili ajaýyp hyzmatlary we dynç alşy hödürlemegi meýilleşdirýäňiz? 

CZN Burak: Biz myhmanlara ýatdan çykmajak duýgulary bagyş etmek üçin dürli şüweleňleri we ýörite çäreleri guramagy meýilleşdirýäris. Aňrybaş naharlar bilen bir hatarda, biz olary myhmanlara ýetirmegiň täsirliligi we lezzeti bilen haýran galdyrmak isleýäris. Biz her agşamda täze gurşaw döredip, türkmen halkyny tagam we şatlyk bilen begendireris!

2022