Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Aşgabatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýns bilen duşuşdy. Onda şu ýylyň dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisine aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Gatnaşyjylar bu geňeşiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde netijeli gural hökmünde ähmiýetini bellediler. Geňeşde “General Electric”, “Boeing”, “John Deere” we “Caterpillar” ýaly öňdebaryjy amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň geljeginiň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Taraplar dürli ugurlarda köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli alnyp barlan hyzmatdaşlygy nygtap, hussuan-da, maliýe-bank ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Gepleşikleriň dowamynda syýasy, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna hem-de Türkmenistanda durmuşa geçirilýän halkara energetika taslamalaryna garaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin yzygiderli gepleşikleri dowam etdirmäge ylalaşdylar.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан