2024-nji ýylyň 8-nji iýulynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de beýleki sebitleriň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň we öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara dokma forumy geçirildi. Bu halkara çäräniň çäklerinde Türkmenistan öz dokma senagatyndaky gazananlaryny giňişleýin tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti ýokary hilli pagta önümleriniň öndürilişi, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylyşy, eksport kuwwatynyň artdyrylmagy hem-de doly önümçilik zynjyrynyň özgerişi barada giňişleýin çykyş etdi. Şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýeti täjik kompaniýalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Olaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň geljegi, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşy we tehnologiýalar alyşmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de, türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherindäki dokma kärhanalarynyň, şol sanda "Guliston" fabrigiň iş tejribesi bilen tanyşdy we ýakyn geljekde hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça pikir alyşdy.





30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


