Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa “Dostluk” atly karabah bedewini sowgat berdi. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy penşenbe güni habar berýär.
Sowgady gowşurmak dabarasy 2025-nji ýylyň 17-nji iýulynda Şuşa şäherindäki ajaýyp Jydyr düzüniň giňişliginde geçirildi. Dabaranyň çäklerinde hormatly myhmana meşhur karabah tohum atlarynyň görkezilişi hem guraldy.
Şol gün Şuşa şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilelikde günortanlyk naharyny edindiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjana amala aşyran sapary tamamlandy.
Surat: Azerbaýjan Prezidentiniň metbugat gullugy





30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


