Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarlary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarlary bilen duşuşdy
Raşid Meredowyň Rabab Fatima bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabry (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 22-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy hem-de parahatçylyk döredijilik meseleleri boýunça orunbasary Rozmari Dikarlo bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşykda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy, halkara howpsuzlygy berkitmek, parahatçylygy goramak we öňüni alyş diplomatiýasy boýunça alyp barýan işleri, şol sanda Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň işi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylmagyna we BMG-niň Baş Assambleýasynyň gün tertibine “Parahatçylyk we howpsuzlyk ugrunda Bitaraplyk ýörelgeleri” meselesiniň girizilmegine aýratyn üns berildi.

Şol gün Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen hem duşuşdy. Duşuşykda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) jemleri, Awaza syýasy Jarnamasynyň durmuşa geçirilmegi we 2024–2034-nji ýyllar üçin iş meýilnamasy barada pikir alşyldy. Türkmen tarapy LLDC3 maslahatynyň çözgütlerini öňe sürmek we durnukly ösüş boýunça bilelikdäki çäreleri geçirmek üçin Baş Assambleýanyň platformasyny ulanmaga taýýardygyny tassykladylar.

Şeýle hem Raşid Meredow Kubanyň Daşary işler ministri Bruno Rodrigez Parrilla bilen duşuşdy. Olar iki ýurduň syýasy-diplomatik, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, halkara platformalarda gatnaşyklary işjeňleşdirmek we daşary syýasat edaralarynyň gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

2022