Türkmenistanyň üç müňýyllyk arheologik taryhy mirasy Rimde giňden sergilenýär

Türkmenistanyň üç müňýyllyk arheologik taryhy mirasy Rimde giňden sergilenýär
“Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary” atly arheologik sergi 2025-nji ýylyň 27-nji oktýabr, Rim, Italiýa (Surat: ilgiornaledellarte.com)

Rim şäheriniň Kapitoliý muzeýinde Türkmenistanyň bürünç asyryndan başlap, bir wagtlar sebitde agalyk ugrunda Rim bilen bäsleşen Parfiýa imperiýasynyň döwrüne çenli degişli 150-den gowrak arheologik tapyndyny öz içine alýan özboluşly sergi guraldy. Bu barada sişenbe güni Italiýanyň “Contrappunti” neşiri habar berdi.

Sergä çykarylan gymmatlyklaryň köpüsi ilkinji gezek Türkmenistanyň çäginden daşary ýurda çykaryldy. Olaryň hatarynda ýarym gymmat bahaly daşlardan ýasalan nepis monjuklar, mifiki jandarlaryň şekilleri bilen bezelen möhürler, şeýle hem gadymy hökümdarlaryň hasasy bar. Şeýle-de Nusaý–Mitradatkert gadymy şäherinde tapylan pil süňkünden ýasalan şahlar sergä gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni özüne çekýär. 

Serginiň guramaçylary däp bolan muzeý gymmatlyklaryny häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrdylar. Turin Politehniki uniwersiteti bilen bilelikde döredilen 3D wideomapping arkaly myhmanlara Parfiýa patyşalygynyň harabalyklary boýunça wirtual syýahat etmek mümkinçiligi döredildi. Maglumat panelleri we wideoşekiller çöl ýerleri gülläp ösýän şäherlere öwren halkyň baý taryhyny giňişleýin beýan edýär. 

“Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary” atly arheologik sergi 2025-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Rim şäherine amala aşyran resmi saparynyň çäginde açyldy we 2026-njy ýylyň 12-nji apreline çenli dowam eder.

 

2022