Türkmenistanyñ Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy anna güni 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan – maksada okgunly ganatly bedewleriň watany» diýen şygaryna hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy habar berýär.
Çärä Täjigistanyň döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň wekilleri, atçylyk pudagynyň hünärmenleri, türkmen diasporasy, talyp ýaşlar hem-de diplomatik wekilhananyň işgärleri gatnaşdylar.
Çykyşlarda adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen ahalteke atçylyk sungatynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigi, şeýle hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara ýaryşlardaky üstünlikleri aýratyn nygtaldy.
Çäräniň çäklerinde Ilçihananyň binasynda surat sergisi we kitap ekspozisiýasy guraldy. Myhmanlara ahalteke bedewleriniň gözelligini şöhlelendirýän amaly-haşam sungat eserleri, çeper fotosuratlar, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kitaplary, şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň gazanan üstünliklerine bagyşlanan tematik ekspozisiýa görkezildi.
Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödür edildi.














