Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Belgiýanyň döwlet ministri, Ýewropa Geňeşiniň öňki prezidenti we ýurduň öňki premýer-ministri Şarl Mişel bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny hem-de Belgiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan dürli ugurlar boýunça ýewropaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygyň hukuk we institusional binýadyny mundan beýläk-de berkitmegiň hem-de ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.
Ilçi Sapar Palwanow Şarl Mişeliň Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan goşandyny belläp geçdi we onuň ÝB-niň sebite bolan ünsüni artdyrmakda hem-de ulag arabaglanyşygy ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ornuny aýratyn nygtady.
Duşuşykda sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam edýän durnukly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ornuna aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda Şarl Mişel we onuň aýaly Ameli Derbodrangen ilçihanada Türkmenistanyň medeni mirasyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.








31379-90x604.jpg)




