Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda sişenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy hem-de bu sene mynasybetli guralýan serginiň we “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
““Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de döwlet tarapyndan goldamak, işewürlik ulgamyny kämilleşdirmegiň hasabyna ykdysadyýetde hususy pudagyň paýyny artdyrmak we jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 72,9 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmakda, durnukly ösüşini üpjün etmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň nusgalyk işleri esasy daýanjymyz bolmalydyr” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda aýtdy.
Sergide türkmen telekeçileriniň we senagatçylarynyň ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri, häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan taslamalary hem-de eksport mümkinçilikleri giňden görkezilýär. Sergi ýerli öndürijileriň gazanan üstünliklerini açyp görkezmek bilen bir hatarda, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.
Bu ýerde sergi bilen utgaşykly geçiriljek “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forum maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de özara bähbitli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdiriler. Forumyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklar we işewür gepleşikler geçiriler.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergi 19-njy marta çenli dowam eder.













