Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda sişenbe güni “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady we bu halkara forumyň syýahatçylyk pudagynda möhüm ähmiýetli waka öwrüljekdigine berk ynanýandygyny aýtdy.
“Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň sanawyna girizilen Aşgabat, ajaýyp binalary bilen haýran galdyrýan Arkadag şäherleri, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Garagum sährasynyň hem-de Köýtendagyň tebigy täsinlikleri ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň geljeginiň uludygyna doly güwä geçýär. Şeýle halkara sergileriň we maslahatlaryň geçirilmegi Garaşsyz ýurdumyzyň taryhy-medeni, tebigy ýadygärliklerini, gözel ýerlerini mahabatlandyrmakda hem-de olara daşary ýurtly syýahatçylary çekmekde möhüm ähmiýete eýedir” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.
“Turkmentravel – 2026” atly halkara çäresine dünýäniň dürli ýurtlaryndan syýahatçylyk kompaniýalarynyň, myhmanhana ulgamlarynyň wekilleri, maýa goýujylar we pudak hünärmenleri gatnaşýarlar. Bu bolsa halkara tejribe alyşmaga, täze hyzmatlary tanyşdyrmaga hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge giň mümkinçilik döredýär.
Çäräniň maksatnamasynda sergi ekspozisiýasy bilen birlikde mowzuklaýyn mejlisler, tanyşdyrylyş çykyşlar hem-de B2B we B2G görnüşindäki duşuşyklar göz öňünde tutulýar. Bu duşuşyklar täze taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm orun eýelär.
“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty 16-njy aprele çenli dowam eder.













