Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherindäki Halkara pul gaznasynyň (HPG) edara binasynda 2026-njy ýylyň 7-nji maýynda sebitleýin we ählumumy ykdysady meýilleriň çäginde Türkmenistanyň ykdysady ösüşine bagyşlanan çäre geçirildi.
Çäre Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy tarapyndan Halkara pul gaznasy bilen bilelikde guraldy. Täze döredilen türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça assosiasiýasy (TABCA) bolsa çäräniň resmi hyzmatdaşy hökmünde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy habar berdi.
Çärä halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalaryň we işewür toparlaryň 80-den gowrak wekili, ýagny Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Esen Aýdogdyýew, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud , HPG-niň ýerine ýetiriji direktory Patrik Loşewski, ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň wekili Hiro Rodriges, şeýle hem ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň, Bütindünýä bankynyň, Halkara hususy telekeçilik merkeziniň (CIPE) we türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatlaryň dowamynda taraplar türkmen ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýyny, iki ýurduň arasyndaky söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegini, şeýle hem Türkmenistanyň we ABŞ-nyň hususy işewürlik wekilleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de işewürlik ulgamynda amaly hyzmatdaşlygy berkitmek we işewür toparlaryň bilelikdäki başlangyçlara gatnaşygyny giňeltmek ýaly meseleler boýunça pikir alşyldy.
Maksatnamanyň çäklerinde medeni sergi we türkmen milli tagamlarynyň tanyşdyrylyşy hem guraldy. Çäre gatnaşyjylar Türkmenistanyň baý medeni mirasy we myhmansöýerlik däpleri bilen tanyşdylar.













