Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Içeri işler ministri S.Tamazaşwiliniň duşuşygy, 2026-njy ýylyň 19-njy iýuny, (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow anna güni Gruziýanyň Içeri işler ministri S.Tamazaşwili bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek, hukuk tertibini berkitmek hem-de özara hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini kämilleşdirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen diplomaty degişli edaralaryň arasyndaky ynanyşmak dialogyny has-da berkitmegiň möhümdigini nygtap, hukuk goraýjy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Gruziýanyň Içeri işler ministri öz gezeginde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we ugurdaş edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn duşuşyklary yzygiderli dowam etdirmegiň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini bellediler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС