Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

BT
Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar
Obanyň çäginden geçirilen ýokary woltly elektrik geçiriji

Owganystan Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmaga mümkinçilik berjek 500 kilowoltly Şibirgan–Alwan-Daşte elektrik geçiriji ulgamyny ulanyşa girizmäge taýýarlaýar. Taslamanyň ýerine ýetirilişi “Afghan Invest” kompaniýasynyň wekilleri bilen Owganystanyň ykdysady meseleler boýunça Premýer-ministriniň orunbasary Molla Abdul Gani Baradaryň arasynda geçirilen duşuşykda ara alyp maslahatlaşyldy diýip, “TOLOnews” habarlar agentligi habar berdi.

“Afghan Invest” kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçirilýän taslama Şibirgan bilen Alwan-Daşteni birleşdirýän ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny we Alwan-Daşte elektrik bekediniň giňeldilmegini öz içine alýar. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, gurluşyk işlerini ýakyn dört aýyň dowamynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, taslama tamamlanandan soň, täze elektrik geçiriji ulgam Owganystanyň Türkmenistandan import edýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem bu taslama oba ýerlerinde ýaşaýan 6 milliona golaý hojalygy elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge ýardam eder hem-de ýurduň döwlet býujetine her ýyl takmynan 42 million ABŞ dollary möçberinde goşmaça girdeji getirer.

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygy iki ýurduň ykdysady gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup galýar. Şibirgan–Alwan-Daşte taslamasynyň ulanyşa girizilmegi Owganystana türkmen elektrik energiýasynyň goşmaça möçberlerini kabul etmäge mümkinçilik berer.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022