Türkiýe 2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda syýahatçylyk pudagyndan 51,28 milliard ABŞ dollary möçberinde girdeji gazandy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,4 göterim artyp, ýylyň ilkinji dokuz aýy üçin iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet bölümi ýurduň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Syýahatçylyk pudagy boýunça gazanylan girdejiler üçünji çärýekde hem ösüş depgine dowam etdi. Girdejiler iýul–sentýabr aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5 göterim ýokarlanyp, iň ýokary derejedäki 25,5 milliard dollara ýetdi.
Stambulda geçirilen metbugat maslahatynda Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý pudagyň netijeleri barada çykyş edip, gazanylan görkezijileri syýahatçylyk pudagynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli alnyp barylýan işler bilen baglanyşdyrdy. Ministriň aýtmagyna görä, 2018-nji ýyldan bäri ýurt syýahatçylyk bazarlarynyň geografiyasyny giňeltmek we hödürlenýän hyzmatlaryň görnüşlerini diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda işleri alyp barýar. Şol işleriň çäklerinde Türkiýäni halkara derejesinde yzygiderli tanatmak maksady bilen Türkiýäniň Syýahatçylygy ösdürmek we ilerletmek agentligi (TGA) döredildi.
Geljekde Türkiýe esasy syýahatçylyk bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrmagy, şeýle hem Amerika ýurtlaryndan, Kanadadan, Gündogar Aziýadan, Afrikadan we Okeaniýadan syýahatçylary çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi maksat edinýär.
Syýahatçylykdan gelýän girdejileriň artmagy syýahatçylaryň çykdajylarynyň ýokarlanmagy bilen hem utgaşdy. 2026-njy ýylyň ilkinji dokuz aýynda bir gijäniň dowamynda syýahatçylaryň ortaça çykdajylary 4,6 göterim ýokarlanyp, 107,7 dollara deň boldy. Türkiýede bolmagyň ortaça dowamlylygy bolsa 10,34 gijä ýetip, 0,3 göterim artdy.
Hasabat döwründe Türkiýä 49,1 million adam syýahat edip, ýurda iň köp syýahatçy Russiýadan (5,70 million), Germaniýadan (5,17 million) we Beýik Britaniýadan (3,20 million) bardy.
Türkiýä 2026-njy ýylyň ýanwar– awgust aýlarynda Türkmenistanyň 151 887 raýaty syýahat etdi. Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Şener Jebejiniň 24-nji oktýabrda žurnalistler bilen geçiren duşuşygynda beren maglumatlaryna görä, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,46 göterim ýokarydyr.
Syýahatçylaryň sanynyň artmagy iki ýurduň arasyndaky howa gatnawlarynyň giňeldilmegine hem täsir edýär. “Turkish Airlines” awiakompaniýasynyň çap eden uçuş tertibine görä, 2026-njy ýylyň 29-njy martyndan başlap Aşgabat–Stambul ugry boýunça gatnawlaryň sany hepdede 17-ä ýetirildi. “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçuş tertibine laýyklykda bolsa, 25-nji oktýabrdan bu ugurdaky gatnawlaryň sany hepdede 12-den 13-e çenli artdy.













