“Arkaç” söwda merkezinde türk tagamlaryna ýöriteleşen “Köfteçi” restorany açylar

“Arkaç” söwda merkezinde türk tagamlaryna ýöriteleşen “Köfteçi” restorany açylar
Aşgabat şäheriniň “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde täze açylýan “Köfteçi” restoranynyň interýery (Surat: BT)

Aşgabat şäherinde 27-nji noýabr, anna güni sagat 14:00-da “Arkaç” söwda-dynç alyş merkeziniň üçünji gatynda ýerleşýän türk tagamlaryna ýöriteleşen “Köfteçi” restoranynyň resmi açylyş dabarasy geçiriler. Restoran paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny öz menýusy bilen tanyşmaga hem-de türk aşhanasynyň tagamlaryny dadyp görmäge çagyrýar.

Restoranyň menýusynda türk aşhanasynyň dürli görnüşli köfteleri esasy orny eýeleýär. Hut şu tagam restoranyň konsepsiýasynyň esasyny düzýär we onuň adyny kesgitleýär. Türkiýeden gelen aşpez tarapyndan taýýarlanylan menýuda köfteleriň dürli görnüşlerinden başga-da, myhmanlara türk aşhanasynyň beýleki tagamlary, süýjülikler we doňdurma orun alar.

Menýu düzülende çagalaryň islegleri hem göz öňünde tutulyp, olar üçin burgerler we pasta ýaly aýratyn tagamlar taýýarlanylar.

Restoranda esasy nahar zaly bilen bir hatarda, penjireleri açylýan aýratyn eýwan hem bar. Myhmanlar bu ýerde özlerine amatly ýeri saýlap, rahat ýagdaýda dynç alyp, türk aşhanasynyň tagamlaryndan lezzet alyp bilerler.

“Köfteçi” restoranynyň açylmagy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin türk aşhanasy hem-de onuň gastronomik däpleri bilen tanyşmaga ýene bir mümkinçilik döreder.

“Köfteçi” restorany bilen habarlaşmak üçin:

Telefon belgileri: 72-09-12, 72-09-13

Instagram: @kofteci.tm

TikTok: @kofteci.tm

Salgysy: Aşgabat şäheri, “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezi, 3-nji gat.

2022