Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Batyr Wolsahatow sişenbe güni Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynda “Fransiýa–Türkmenistan” söwda palatasynyň başlygy Mari-Elen Berar bilen duşuşdy. Duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine garalyp, birža söwdasyny giňeltmäge hem-de türkmen önümlerini Fransiýanyň we Ýewropanyň bazarlaryna çykarmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşykda fransuz telekeçileri, treýderleri we broker kompaniýalary bilen göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak meselelerine hem aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Duşuşygyň netijesinde taraplar işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, özara söwdany giňeltmäge we Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Mundan ozal, 23-nji noýabrda Batyr Wolsahatow Pariž şäherinde Fransiýanyň we Ýewropanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Hususan-da, “Paris EUROPLACE” guramasynyň öňki baş wekili Arno de Bresson we Fransiýanyň “Next Step Influence” (NSI) agentliginiň uly geňeşçisi Olga Belo bilen geçirilen gepleşiklerde haryt bazarlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi, fransuz we ýewropa kompaniýalarynyň Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň amallaryna gatnaşmagy, şeýle hem döwrebap maliýe we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Pariž şäherinde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy bilen Ýewropanyň “Euronext” birža toparynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar haryt bazarlaryny guramak boýunça tejribe alyşmak, elektron söwda ulgamlaryny ösdürmek, birža geleşikleriniň aýdyňlygyny ýokarlandyrmak we emeli aňy goşmak bilen sanly tehnologiýalary ulanmak meselelerine garadylar.
















