Türkmenistan birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görýär

Türkmenistan birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görýär

Ýurdumyzda birinji Hazar ykdysady forumy 12-nji awgustda Hazar deňziniň gündogarynda ýerleşýän “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Duşuşyk Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda geçirilen Hazar sammitinde bäş Hazarýaka döwletleriň Prezidentleriniň gol çeken Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň çäginde sebitara hyzmatdaşlygyň has-da berkidilmegi boýunça möhüm ädim bolup durýar.

Şeýle hem 2018-nji ýylda geçirilen sammitde Hazarýaka döwletleriň Prezidentleri metbugat beýanatyny kabul etdiler. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylda Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi hakynda teklibi beýan edilýär. Bu çäre Hazarýaka sebitinde geljekki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Forum söwda-ykdysady we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy, şol bir wagtda iri taslamalaryň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegi babatdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer. Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk işlerini alyp barýan Utgaşdyryjy merkez halkara konferensiýalary, şol sanda Hazaryň innowasion tehnologiýalary sergisini geçirmek boýunça maksatnamalaryň üstünde hem işleýär.

2022