Aşgabadyň “Arçabil” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda çarşenbe güni türkmen – eýran işewürler maslahaty geçirildi.
Maslahatyň açylyşynda çykyş eden Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Orazmyrat Gurbannazarow türkmen-eýran gatnaşyklarynyň giňeýändigini aýdyp, 2018-nji ýylda söwda gatnaşyklarynyň 560 million amerikan dollaryna barabar bolandygyny belledi.
Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäksizdigini nygtan ministr O.Gurbannazarow netijeli işleri ýerine ýetirip bilýän, hünär taýdan kämil hünärmenleriň iki taraplaýyn hyzmatdaşlyga täsir etjekdigine ünsi çekdi. Türkmen ministri iki taraplaýyn haryt dolanşygyny ýokarlandyrmakda binýatlyk resminamalaryň işlenilip taýýarlanylmagynyň we durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetine degindi. Maslahata Eýran Yslam Respublikasynyň 38 kompaniýasynyň gatnaşýandygyny mälim eden O.Gurbannazarow “özara işewürlik duşuşyklary haryt dolanşygynyň artmagyna itergi berer” diýip nygtady.
Eýranyň wekiliýetine başlyklyk edýän Ýol we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslami öz çykyşynda Türkmenistanyň Söwda we senagat edarasyna minetdarlyk bildirip, awgust aýynda birinji Hazar ykdysady forumynyň üstünlikli geçirilendigini belledi. Ýurtlaryň arasynda iki taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin kanunçylyk binýadynyň döredilendigini beýan eden Eslami Eýranyň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy goldaýandygyny aýtdy.
Eslami Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň energiýa kuwwaty babatynda baý ýurtlaryň hataryna girýändigine ünsi çekdi. Eýranly ministr bu ugurdaky iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň güýçli mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady.
Maslahatyň dowamynda “Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary, işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek” we “Ulag we logistika ulgamynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlyk” atly forumlar gurnaldy.