“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” halkara ýük gatnawlaryny gurnamaga işjeň gatnaşýar

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” halkara ýük gatnawlaryny gurnamaga işjeň gatnaşýar

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Balkan” fider gämisinde Azerbaýjanyň Alýat we Türkmenbaşy Halkara deňiz portlarynyň arasynda konteýner gatnawlaryny ýerine ýetirip başlady.

Ýylyň başyndan bäri Türkiýäniň Ankara şäherinden Gyrgyzystanyň Oş şäherine çenli 1400 ýük konteýnerlerini daşamak maksatnamasynyň çäginde “Balkan” türkmen gämisinde onuň 100-den gowragy daşaldy.

Bu maksatnama Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň barşynda kabul edildi. Ýerine ýetirmek işlerini “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ öz üstüne aldy.

Gatnawlaryň ýola goýlan gününden bäri “Balkan” fider gämisinde umumy möçberde 400-den gowrak konteýner Türkmenbaşy portuna getirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň kükürt, dokma, polietilen hem-de polipropilen ýaly eksport önümleri äkidildi.

Geçen ýyla garanyňda 2020-nji ýylda Türkmenbaşy portundan geçjek konteýnerleriň sany 3-4 esse artjakdygyna garaşylýar.

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” Hytaý-Türkmenistan konteýner otlusynyň hem gatnawyny gurnaýjylaryň biridir.

2022