Putin Gurbanguly Berdimuhamedowyň 65 ýaş ýubileýine küşt, gylyç sowgat berdi

Putin Gurbanguly Berdimuhamedowyň 65 ýaş ýubileýine küşt, gylyç sowgat berdi
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşuşygy, 29-njy iýun, 2022, Aşgabat (Surat: TASS agentligi)

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy 65 ýaş ýubileýi bilen gutlady we çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşygyň barşynda oňa iki sany gylyç, küşt we atyň heýkelini sowgat berdi. Bu barada Russiýanyň Lideriniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň aýdanlaryna salgylanyp, TASS agentligi habar berýär.

“Zlatoust ussalary tarapyndan ýasalan küşt. "Yza gaýdyp gelýän çapyksuwar" heýkeli, ýagny meşhur Sankt-Peterburgyň heýkeltaraş Lanseranyň agtygy tarapyndan ýasalan çapyksuwar we at. Şeýle hem, iki sany gylyç - biri köne, biri täze - sowgat berildi” diýip, Peskow sowgat edilen zatlary aýtdy.

Taraplar ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Wladimir Putin 6-njy Hazar sammitine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi. Sammitiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen hem gepleşik geçirdi.

Suratlar: TASS habarlar agentligi

 

2022