“Döwletli-Döwran” kompaniýasy “KazBuild 2022” halkara sergisine gatnaşýar

 “Döwletli-Döwran” kompaniýasy “KazBuild 2022” halkara sergisine gatnaşýar
Zawodyň kuwwaty bir günüň dowamynda 550 tonna, ýagny 200 müň bişen kerpiç öndürmäge ukyplydyr.

“Döwletli-Döwran” kärhanasy Gazagystanyň Almaty şäherinde 2022-nji ýylyň 7-9-njy sentýabry aralygynda geçirilýän “KazBuild 2022” halkara gurluşyk we interýer sergisine gatnaşýar.

“Döwletli-Döwran” kärhanasynyň wekili Damir Şakirowyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda aýtmagyna görä, “Döwletli-Döwran” kärhanasy Türkmenistanda keramiki we klinker önümleriniň önümçiligi bilen meşgullanýar. Kerpiç öndürýän zawod Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşip, ol Ispaniýanyň, Italiýnyň we Ýaponiýanyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilendir.

Zawodyň kuwwaty bir günüň dowamynda 550 tonna, ýagny 200 müň bişen kerpiç öndürmäge ukyplydyr.

Damir Şakirow zawodyň önümleriniň görnüşiniň ýylsaýyn artýandygyny belläp, häzirki wagtda kompaniýanyň altydan gowrak keramiki kerpiji we gözenekli termoblogy öndürýändigini aýtdy.

“KAZBUILD” sergisi 1994-nji ýyldan bäri Gazagystanda iň uly gurluşyk we interýer sergisi bolup, ol her ýyl Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilýär. Gurluşyk materiallary, enjamlar we gurallar, keramika we daş, penjire tehnologiýalary, bezeg materiallar serginiň esasy bölegi bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022