Raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň pasportyny gowşurmak dabarasy geçirildi

Raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň pasportyny gowşurmak dabarasy geçirildi
Ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk 1530 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler zalynda şenbe güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlar we daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň anna güni gol çeken resminamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk 1530 adam, ýagny dünýäniň 26 milletiniň wekilleri Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi, şeýle-de 315 daşary ýurt raýatlaryna, ýagny dünýäniň 9 döwletiniň raýatlaryna we 23 milletiň wekillerine  Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Nazar Atagaraýew, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik wekili Narine Saakýan, Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri, raýatlyga kabul edilen adamlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýlelikde, häzirki wagta çenli jemi 29 müň 697 raýatlygy bolmadyk adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanyň hökümetine raýatsyzlygy azaltmak boýunça alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

2021-nji ýylda jemi 2 müň 657 sany raýatlygy bolmadyk adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

2022