Türkmenistanda “Dizaýn-2022” forumy we “Araçäksiz dizaýn” halkara sergisi açyldy

Türkmenistanda “Dizaýn-2022” forumy we “Araçäksiz dizaýn” halkara sergisi açyldy
Serginiň çäklerinde türkmen dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan täze lybaslaryň toplumy görkezildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde sişenbe güni “Dizaýn-2022” atly Aşgabat forumy we “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergi açyldy. Bu sergi Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 “Milli öwüşginli taryhy hem-de medeni gymmatlyklary özünde jemleýän köp sanly desgalarynyň halkara derejede mynasyp ykrarnama eýe bolmagy paýtagtymyzyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň şeýledigine şäheriň birnäçe desgalarynyň binagärlik aýratynlygy boýunça Ginnesiň rekordlar kitabynda orun almagy hem doly şaýatlyk edýär” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gutlagynda bellenilýär.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gözden geçirilişe eksponentleriň onlarçasy, şol sanda binagärlik we gurluşyk ulgamynda ýöriteleşdirilen meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Ýurdumyzyň telekeçileri hem-de hususy haryt öndürijileri hem bu sergä gatnaşýarlar. Şu sergide “Çigildem”, “Aýbölek”, “Ýaşyl ýyldyrym”, “Meşhur interiors”, “Erjel Begenç” ýaly hususy kärhanalar we beýlekiler öz önümleridir hyzmatlaryny hödürleýärler. Binagärlik, mahabat we dizaýn işi bilen meşgullanýan “Özgertme”, “Ýurt taslama”, “Eşret Mahabat” hususy kärhanalary hem-de “Şekil” tikinçilik öýi halkara gözden geçirilişe ilkinji gezek gatnaşýarlar.

Serginiň çäklerinde Aşgabadyň Modalar öýüniň hem-de ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň synag önümhanalarynyň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan täze lybaslaryň toplumy görkezildi.

Günüň ikinji ýarymynda “Dizaýn — 2022” forumy geçirildi. Oňa ýaş we tejribeli binagärler, şäher gurşawynyň dizaýn ulgamynda işleýän hünärmenler, žurnalistler, talyp ýaşlar, şeýle hem Türkiýäniň, ABŞ-nyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň wekilleri gatnaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022