Türki döwletleriň guramasynyň sammitiniň çäginde agaç nahallaryny oturtmak dabarasy geçirildi

Türki döwletleriň guramasynyň sammitiniň çäginde agaç nahallaryny oturtmak dabarasy geçirildi
TDG-nyň sammitine gatnaşyjylar Registan toplumynyň bagyna agaç nahalyny oturtdylar. (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Samarkant sammitiniň çäginde agaç nahallaryny oturmak dabarasy geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

“Häzirki wagtda türki dünýäsiniň hormatly ýolbaşçylarynyň bu hasylly toprakda öz elleri bilen nahal oturtýandyklaryna ýokary baha berýäris. Galyberse-de, bu nahallar durmuş agaçlaryna, dostluk we birek-birege ynam, ruhy we geljege öwrüler” diýip, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew aýtdy.

Soňra Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň Döwlet Baştutanlary, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we Wengriýanyň Premýer-ministri Registan toplumynyň bagyna agaç nahalyny oturtdylar.

Suratlar: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022