Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy, ýertitreme zerarly gynanç bildirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy, ýertitreme zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini aýtdy we gynanç kitabyna gol çekdi. (Surat: Togan Oralyň "Twitter" sahypasy)

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasyna baryp, ýurtda bolup geçen ýertitremede ejir çekenlere gynanç bildirdi. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral "Twitter" sahypasynda habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini aýtdy we gynanç kitabyna ýazgy galdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdiler.

Ýertitreme zerarly ejir çekenlere kömek toparyny we zerur bolan önümleri daşaýan türkmen uçary sişenbe güni irden Aşgabatdan Türkiýä ugrady.

Amerikanyň geologiýa gözleg gullugy duşenbe güni emele gelen ýer titremäniň 7,8 bala deň bolandygyny ölçedi. Geologiýa gözleg gullugy ýer titremäniň Gaziantepden 33 kilometrlikde dörändigini aýtdy. AFAD-yň habar bermegine görä, duşenbe güni irdenden bäri jemi 243 sany ýertitreme bolup geçdi.

Şeýle hem duşenbe gününiň ikinji ýarymynda Türkiýäniň günorta-gündogarynda 7,6 bala deň bolan ikinji güýçli ýer titreme hadysasy bolup geçdi.

Köp ýurtlar Türkiýä kömek, şol sanda derman serişdelerini, gözleg toparlaryny we maliýe serişdelerini ugratmagy teklip etdiler.

2022