“Derwaýys” hususy kärhanasy izogam, kafel ýelimi we bitum mastikasyny öndürýär

“Derwaýys” hususy kärhanasy izogam, kafel ýelimi we bitum mastikasyny öndürýär
Kärhanada öndürilýän izogamyň birnäçe görnüşi bolup, olar klassiki, folgaly we daşly görnüşlerinden ybaratdyr.

“Derwaýys” hususy kärhanasy ýokary hilli gurluşyk harytlary bolan bitum mastikasynyň, kafel ýeliminiň we izogamyň önümçiligini alyp barýar.

Kärhananyň hünärmeniniň ”Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň bermegine görä, “Derwaýys” hususy kärhanasy 2016-njy ýylyň 16-njy iýulynda döredilip, onuň önümçilik zawody Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Täjir köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýär.

Kärhanada öndürilýän izogamyň birnäçe görnüşi bolup, olar klassiki, folgaly we daşly görnüşlerinden ybaratdyr. Olaryň galyňlygy 2.0 mm-den 5.0 mm çenli bolup, ol rulon görnüşinde öndürilýär. Öndürilýän izogamyň her bir rulonynyň meýdany 10 inedördül metre deňdir.

Gurluşyk serişdelerini öndürmäge ýöriteleşen bu kärhanada önümçiligiň depgini barha ýokarlanýar. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhana aýda müňlerçe tonna önüm öndürmek kuwwatyna eýedir. Bu ýerde ýaşlaryň onlarçasy yhlasly zähmet çekýär.

Kärhanada önüm öndürmek üçin gerekli çig mallaryň esasy bölegi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar.

Döwrebap kärhana gysga wagtyň içinde ýokary hilli önümleri bilen halkara bazara çykmagy başardy. Bu ýerde öndürilýän önümler içerki we daşarky bazarlarda ýokary islegden peýdalanylýar. Häzirki wagtda “Derwaýys” hususy kärhanasy öndürýän önümlerini diňe bir içerki bazara ibermek bilen çäklenmän, eýsem, Türkiýä, Gruziýa, Özbegistana, Owganystana we Täjigistana eksport edýär. Şeýle hem bu kärhana gelejekde öz öndüren önümlerini Ýewropa ýurtlaryna eksport etmegi meýilleşdirýär.

“Derwaýys” hususy kärhanasy bilen habarlaşmak üçin:

Kärhananyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Täjir köçesiniň 1-nji jaýy

Kärhananyň telefon belgisi:

+993 64 98-11-11

Kärhananyň elektron salgysy:

derwayys@gmail.com

“Derwaýys” hususy kärhanasynyň marketing bölümi bilen habarlaşmak üçin:

Telefon belgisi:

+993 64 97-30-15

Elektron salgysy:

aranlyeva.g.b@gmail.com

2022