Abu-Dabi şäherinde “AIM Global 2023” Maýa goýum forumy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Abu-Dabi şäherinde “AIM Global 2023” Maýa goýum forumy geçiriler
“AIM Global 2023” maýa goýum forumy 160 sany mejlisden ybarat bolup, oňa 600-den gowrak ýokary derejeli wekiller gatnaşarlar.

“AIM Global 2023” Maýa goýum forumy 8-10-njy maý aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçiriler. Bu barada WAM habarlar gullugy sişenbe güni mälim etdi.

“Maýa goyum ugurlaryny üýtgetmek: Durnukly ykdysady ösüş, dürlülik we gülläp ösüş üçin hyzmatdaşlygyň geljekki maýa goýum mümkinçilikleri” ady bilen ýylda geçirilýän 12-nji forum dünýäniň iň uly maýa goýum forumy bolmagyna garaşylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, “AIM Global 2023” maýa goýum forumy 160 sany mejlisden ybarat bolup, oňa 600-den gowrak ýokary derejeli wekiller gatnaşarlar.

“AIM Global” BAE-nyň sebitdäki ykdysady ýagdaýy has-da güýçlendirmek we dünýädäki ýurtlaryň arasynda göni daşary ýurt maýa goýumlaryny ösdürmek ugrundaky tagallalaryna laýyk gelýär.

Maýa goýum forumynyň başlygy Dawud Al Şezawiniň aýtmagyna görä, bu forum BAE-niň global maýa goýum kartasyndaky ornuny berkitmekde we ýakyn 50 ýylda Emirlikleriň ösüşine itergi bermekde üstünlik gazandy.

“AIM Global” her ýyl dünýä liderlerini, hökümet wekillerini, syýasatçylary, maýadarlary we global meseleleri çözmek, maýa goýumlaryny ösdürmek we dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegini tizleşdirmek isleýänleri birleşdirýän iri göwrümli maýa goýum forumydyr.

2022