ABŞ Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ABŞ Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýär
Jozef Baýden medeni hyzmatdaşlygyň amerikan-türkmen gatnaşyklarynyň özenidigini belledi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary (ABŞ) Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýär. Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen gutlap iberen hatynda aýdylýar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Jozef Baýden ABŞ-nyň täze başlangyçlaryň baýramynda ähli türkmen halkynyň röwşen geljeginiň bähbidine bilelikdäki işi mundan beýläk-de dowam etdirmäge umyt edýändigini nygtady.

“Gatnaşyklarymyzyň berk binýadyna esaslanyp hem-de Merkezi Aziýanyň we dünýä ýurtlarynyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini goldamagy dowam etdirmek bilen, hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýäris” diýip ABŞ-nyň Prezidentiniň gutlag hatynda bellenilýär.

“Medeni hyzmatdaşlyk amerikan-türkmen gatnaşyklarynyň özenidir we Siziň ýurduňyzyň baý medeni mirasyna uly hormat goýýarys. Birek-birege hoşallygyň beýan edilýän şu günlerinde 30 ýyldan gowrak döwürde dürli ugurlarda — medeni ulgamda hem-de howanyň üýtgemegi boýunça meseleleri çözmekde ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz üçin hoşallygymyzy beýan edýäris” diýip, Jozef Baýden aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli  Özbegistanyň, Ysraýylyň, Eýranyň Prezidentleri we Bahreýniň Patyşasy gutlag hatlaryny ýolladylar.

2022